«Görk agyzdan...» diýlişi ýaly, adamzat jemgyýeti irki ýyllardan bäri aşhana medeniýetine we iýip-içmek düzgünlerine uly üns berýär. Haýsy iýmiti haçan we näçeräk mukdarda iýmeli, haýsy iýmitden gaça durmaly? Iýmit adam saglygyna düýpli täsir edýär. Şol sanda käbir iýmitler iýlende beden agzalaryna zeper ýetirip hem bilýär. Iýmit çeýnelende esasy agram dişe düşýär. Garran wagtyň gadryna ýetilýän dişimizi çagalykdan sagdyn saklamaga üns bermeli. Şeýle hem dişimiziň saralmazlygy we çüýremezligi üçin käbir iýmitdir içimlikleri iýip-içmekden gaça durmaly.
Sitrus miweleri. Narynç miweleriň düzüminde ýokary derejede C witamini saklanýar. Limon, pyrtykal, mandarin, greýpfrut ýaly miweler yzygiderli iýlende dişe zeper ýetirip bilýär. Bilermenleriň pikiriçe, «kislotaly miweleriň» şiresi wagtyň geçmegi bilen dişiň çüýremegine sebäp bolýar. Şonuň üçin sitrus miwelerini aşa köp iýmekden saklanmaly.