Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomsuň ilkinji günlerinde okuw möwsümini tamamlan çagalary ýurdumyzyň ajaýyp Gökdere jülgesindäki köpsanly sagaldyş-dynç alyş merkezleri mähirli garşylady.
Ösüp gelýän nesillerimiziň beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolmaklary üçin ýurdumyzda döwlet derejesinde giň mümkinçilikler döredilýär. Ynha, şeýle mümkinçilikleriň biri — tomus möwsüminde çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri we öz deň-duşlary bilen sazlaşykly hereketde bolmaklary üçin gözel Gökderede we welaýatlarymyzyň dürli künjeklerinde jana melhem tebigatyň goýnundaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde gyzgalaňly döwür dowam edýär. Dürli ýaşdaky çagalaryň arasynda döredijilik, sport, medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Bu çäreleriň, bäsleşikleriň netijesinde çagalaryň häsiýetlerinde köpçülige uýgunlaşmak, bir maksada agzybirlik bilen gulluk etmek ýaly oňat häsiýetler kemala gelýär.