Bagy bereketli, miweleri datly

10 Iýul 2024
286

«Bag — durmuşyň bezegi» diýip, ata-babalarymyz ýöne ýerden aýtmandyrlar. Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde hem bagçylygy ösdürmeklige uly üns berilýär. Hojalykda ekerançylyk meýdanlarynyň 96,19 gektaryny miweli baglar tutýar. Şonuň 18 gektary bolsa üzümçilik. Baglardan ýylyň-ýylyna ýokary hasyl alynýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem baglardan ýokary hasyla garaşylýar.

Hojalykda kärendeçi bagbanlaryň 110-sy yhlasly zähmet çekýär. Olaryň hemmesi hem bu ugurdan köp ýyllyk iş tejribesi bolan bagbanlardyr. Olar özlerine berkidilen baglara eýeçilik gözi bilen seredip, oňat garaşyk edýärler. Aýratyn-da, Aýna Abdyllaýewa, Jemal Rozyýewa, Bahar Salyhowa, Daýanç Döwletow dagy öz işine ussat bagbanlar hasaplanylýar.

Öde GELDIÝEW,