Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: maksatlaryň we tagallalaryň birligi

8 Iýul 2024
231

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtynda saparda boldy

Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň binýady türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 5 — 7-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanda saparda bolmagy aýratyn ähmiýetli wakadyr.

«Nesil».