Astana sammiti: dünýäniň we sebitiň bähbidine hyzmatdaşlyk

8 Iýul 2024
214

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 4-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň «ŞHG+» formatly sammiti geçirildi. Bu derejeli sammite türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz gatnaşdy. Sammit goldaşmagyň, arkalaşmagyň güýjüniň mizemezligini, kuwwatlydygyny ýene bir gezek äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren mümkinçilikleri esasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden, habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet hem şu ýylyň iýul aýynyň 2 — 4-i aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde döredijilik saparynda boldular. Saparyň çäklerinde iki dostlukly döwletiň medeni ugurlaryna ähmiýet berildi, geljegi nazarlaýan ugurlara üns çekildi.

GOŇŞYM — GOLUM, GANATYM

Maýsa TAÝJYKOWA,
«Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory.