Dostlukly gatnaşyklar rowaçlanýar

8 Iýul 2024
269

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä ýurtlary, şol sanda Hindistan bilen köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze ösüşe we mazmuna eýe bolýar. Hindistan bilen dürli ugurlarda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar iki ýurduň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýar hem-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkidýär, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze ugurlary açyp, ozal ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da giňeldýär. Muňa ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň Hindistan Respublikasyna bolan sapary-da aýdyň şaýatlyk edýär.

Hindistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan tanyşdyryş sapary diňe bir bu dostlukly ýurduň baý taryhyny we medeniýetini öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň häzirki zaman dünýäsinde çalt depginde ösýändigine hem göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Bu tanyşdyryş çäresine türkmenistanly wekiller bilen birlikde, Gazagystan, Özbegistan, Belarus Respublikasy, Gyrgyzystan, Täjigistan, Mongoliýa, Ermenistan, Gruziýa we Eýran ýaly döwletlerden hem köp sanly žurnalistlerdir döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Gülşat ORAZMYRADOWA,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň jogapkär kätibi.