Jon Jons indiki söweşini 9-njy noýabrda geçirer

7 Iýul 2024
191

Agyr agramda «UFC-niň» çempiony Jon Jons indiki söweşiniň haçan we kim bilen boljakdygyny mälim etdi. Türgeniň aýtmagyna görä, ol 9-njy noýabrda geçiriljek «UFC 309» söweş agşamynda Stipe Mioçiçe garşy oktagona çykar. Bu turnir uly ähtimallyk bilen ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçiriler.

Aslynda, Jons – Mioçiç tutluşygy 2023-nji ýylyň noýabrynda geçirilmelidi. Emma Jonsuň türgenleşikde şikes alandygy sebäpli, söweş yza süýşürildi.

Sahypany taýýarlan: Mätgurban MÄTGURBANOW,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».