20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär

7 Iýul 2024
296

Özbegistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygyny ýakyn geljekde 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär. Degişli mesele iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Astanada geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda bellenilişine görä, özbek-hytaý söwda dolanyşygy geçen ýyl 14 milliard amerikan dollaryna, şu ýylyň 5 aýynda bolsa 5 milliard 59 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkezijini ýakyn geljekde 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek maksat edinilýär.

Taýýarlan: Guwanç ORAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň raýatlyk wiza we daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş bölüminiň uly gözegçisi, kapitan.