30 göterime deň

7 Iýul 2024
203

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň global jemi içerki önümdäki paýy 30 göterime deňdir. Bu barada guramanyň Astanada geçirilen sammitinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mälim etdi.

«Häzirki wagtda ŞHG-ä agza ýurtlaryň ykdysadyýetleri 4-den 9 göterime çenli ýokary ösüş depginini saklap galýarlar. Gurama agza döwletleriň global jemi içerki önümdäki paýy eýýäm 30 göterim. Häzirki wagtda gatnaşyjy ýurtlaryň daşary söwdasy 8 trillion dollardan geçýär, bu bolsa dünýä söwdasynyň dörtden birine deňdir» diýip, gazak Lideri öz çykyşynda belledi.