«Nvidia» Hytaýa 12 milliard amerikan dollarlyk çip satar

7 Iýul 2024
207

«Nvidia» tehnologiýa kompaniýasy 2024-nji ýylda Hytaýyň kompaniýalaryna 12 milliard amerikan dollarlyk çip satmagy maksat edinýär.

«The Wall Street Journal» neşiriniň habar bermegine görä, «Nvidia» hytaý bazaryndaky satuwlar boýunça ýerli öndüriji bolan «Huawei Technologiesi» kompaniýasyny yzda galdyrmagy meýilleşdirýär. Ol şol maksat bilen 2024-nji ýylyň ahyryna çenli emeli aň (AI) tehnologiýalaryny kuwwatlandyrmak üçin döredilen 1 milliondan gowrak «H20» çipini Hytaýa iberer diýlip garaşylýar. Olaryň hersiniň bahasy 12-13 müň amerikan dollary aralygyndadyr.