Kagyz we syýa

7 Iýul 2024
229

Ýazuw stolunyň üstünde arassa kagyzyň bir petdesi ýatyr eken. Bir gezek olaryň biri boýdan-başa gaňyrçajyklar, çyzyjaklar, towjagazlar, nokatlar bilen bezelip çykylypdyr... Kimdir biri eline galamyny alyp, kagyzy sözler we suratlar bilen dolduryp çykypdyr.

 – Meni beýle ryswa etmek saňa nämä gerek boldy? – diýip, lapykeç kagyz stoluň üstünde duran galamdan özelenip sorapdyr. – Seniň ýuwup aýryp bolmaýan syýaň gül meňzimi solduryp, ýüzümi il görer ýaly etmedi. Indi men bu bolşuma kime derkar?

Leonarda da Winçi