Uorren Baffet 122 milliard amerikan dollaryny haýyr-sahawata geçirer

7 Iýul 2024
320

Milliarder Uorren Baffet uly taslamalara goýan maýa goýumlaryndan häzirki wagtda 122 milliard amerikan dollary möçberindäki baýlyga eýe bolup, öz ähli puluny haýyr-sahawat üçin sarp etmek kararyna gelipdir. Dünýä belli maýadaryň baýlygynyň haýsy ugra gönükdiriljekdigini onuň çagalary kesgitlär we bu çözgüt kakalary ýagty jahan bilen hoşlaşandan soňra belli bolar.  Bu habary «Kronen Zeitung» neşiri köpçülige ýetirdi.

Amerikaly tüçjaryň 66 we 71 ýaş aralygynda üç çagasy bar. Olar Sýuzen Elis Baffet, Goward Baffet we Piter Baffet. Bularyň üçüsine-de goja kakalarynyň emlägini dolandyrmaga ynanç haty berler.