Heýkel daşlardan däl, beýik işlerden döreýär

6 Iýul 2024
497

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyndan soňky oýlanmalar

Her gezegem şeýle bolýar. Uzak ýola ugranyňda, Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanyny ýa-da heýkel-şekiljigini ýanyňa alarsyň — hem ýoldaşlyk, hem sowgatlyk. Çeper sözüň meýlisinde-de beýik ussadyň şygyrlaryndan okamaga, ol hakda buýsanyp söz açmaga ilgeziksiň. Ýöne, ha ýakyn, ha alys il, parhy ýok, kelam bolup, aýdym bolup, heýkel bolup, beýik Magtymgulynyň özi seniň öňüňden çykar, garşylar... Gahryman Arkadagymyz: «Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr» diýmeýärmi eýsem?!

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Astana — Aşgabat.