Adamzadyň röwşen geljeginiň bähbidine tagallalar

6 Iýul 2024
257

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda: «Häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr» diýip belledi. Aziýa yklymynyň ýüreginde ýerleşýän Merkezi Aziýa döwletleri-de Birleşen Milletler Guramasyny ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply düzüm hökmünde ykrar edip, onuň bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge çalyşýarlar. Soňky günlerde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça saparyny amala aşyrmagy hem bu babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şu gün bolsa bütindünýä guramasynyň ýolbaşçysy bilen Aşgabatda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Umuman, şol taryhy senede guramanyň häzirki ähli agzalarynyň 5 göterimine golaýy onuň düzümine birleşdi. Geçen 32 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda biziň ýurdumyz Milletler Bileleşigi bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýdy we ählumumy meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmak bilen, köptaraplaýyn ulgamyň möhüm gatnaşyjylarynyň birine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasy häzirki zaman türkmen döwletiniň taryhynda aýratyn orun tutýar. Çünki Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bu guramanyň agza döwletleri tarapyndan iki gezek biragyzdan ykrar edildi. Türkmen Bitaraplygynyň özeninde halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda baýdak edinen parahatçylyk söýüjilik, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik ýaly belent adamkärçilik ýörelgeleri jemlenip, hut şu gymmatlyklar hem bu günki gün Ýer ýüzünde parahatçylygyň pugtalandyrylmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde binýatlyk ýörelgeler bolup durýar. Diýmek, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda saýlap alan ýoly hem milli, hem umumadamzat bähbitlerine gulluk edýär. Türkmenistanyň guramanyň belent münberinden öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň giň goldawa mynasyp bolmagy-da bu hakykaty aýdyň tassyklaýar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».