ÝAŞ­LAR – ÝUR­DU­MY­ZYŇ GEL­JE­GI

5 Iýul 2024
224

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de ýaş­la­ryň bi­lim­li, ylym­ly, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn, hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil, wa­tan­sö­ýü­ji hem-de yn­san­per­wer şah­sy­ýet­ler hök­mün­de ke­ma­la gel­me­gi üçin äh­li şert­ler­dir müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýaş ra­ýat­la­ryň kons­ti­tu­si­on hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek we ony dur­mu­şa ge­çir­mek üçin hu­kuk, dur­muş-yk­dy­sa­dy, gu­ra­ma­çy­lyk şert­le­ri­ni, ke­pil­lik­le­ri­ni dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da tas­syk­la­nan «Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da» hem-de ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­syn­da, şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň VII gu­rul­ta­ýyn­da hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çe­kip tas­syk­lan «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tä­ze re­je­le­nen gör­nü­şin­de be­ýan edil­ýän we­zi­pe­ler, «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hem üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­ny türk­men ýaş­la­ry­nyň dur­mu­şy­nyň äh­li çy­gyr­la­ryn­da üp­jün edi­len müm­kin­çi­lik­ler do­ly tas­syk­la­ýar. Şun­da ýur­du­myz­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri hök­mün­de pu­dak­la­ýyn gat­na­şyk­lar bi­len saz­la­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýan ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty hem oňyn ne­ti­je­le­ri we äh­mi­ýet­li iş­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýaş ra­ýat­la­ryň dur­muş go­rag­ly­ly­gyn­dan baş­lap, ola­ryň jem­gy­ýet­dä­ki or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry bi­lim­li we hü­när taý­ýar­lyk­ly nes­li ke­ma­la ge­tir­mek we­zi­pe­le­ri­ne jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­le­şil­ýär we bu ugur­da ne­ti­je­li çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň VII gu­rul­ta­ýyn­da we on­da ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň tek­lip­le­ri esa­syn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň ka­bul edil­me­gi hem ýaş­la­ry­myz üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­le­riň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­di.