ÝOLLAR!

4 Iýul 2024
297

Ýollar! Adatça ertekilerde adamyň öňünden iki ýa-da üç ýol çykýar. Ol döwrüň adamlarynyň bizden akylly bolmaklary mümkin. Sebäbi, ýollar näçe köp bolsa, saýlamak, saýgarmak kyn bolýar. Adam pahyr özüne gerekli zady kämil röwüşde bilmese, her bir zadyň eýlesini-beýlesini synlap, sypalap, ikirjiňlenip durýar. Şeýdibem, gyzyldan gymmatly, altyndan arzyly wagtyny bisarpa sarp edýär. Eliňde puluň, bazarda hem haryt az bolsa, bazara tiz barýaň, saýlawyň az ýerinde gereklije zadyňy tiz alyp, derrew yzyňa dolanýaň. Eliňde puluň, bazarda hem haryt köp bolsa, gowusyndan-gowusyny tapjak bolup, bütin bazary söküp çykýaň. Ahyry bir harytda nazaryň eglener. Sypalap, synlap, ony bäri çekjek bolarsyň, özüňe ýaramly, göwnüňe laýyk etjek bolup, çyr-çytyrsyň.

Elbetde, ýollar ýaramly, söwdalar oňuna bolsun! Alan harydyň soňlugy bilen şoňa sarp eden baýlygyňa, wagtyňa we zähmetiňe degýän bolsa, söwdanyň ýerine düşdügi hasap etmeli. Ýollar hem edil şonuň ýaly. Pikirlenip, ikirjiňlenip, mejburylyk ýa-da meýletinlik bilen, ýaýdana-ýaýdana, höweslenip ýa-da diňe ýöremek hatyrasy üçin ýaltana-ýaltana saýlanyp alnan ýollar, soňlugy bilen şoňa sarp eden akylyňa, wagtyňa we zähmetiňe degýän bolsa, onda ömre barabar söwdanyň şowly bolandygyna delil. Ýöne, ýollaryň ählisi bossanlyga, aşagyndan suwlar akyp duran, şahalarynda göz görmedik datly miweleri bolan baglara eltmeýär.

Rahmet GYLYJOW
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.