Şany dünýä dolan şäher

3 Iýul 2024
273

«Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar». Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyndan alnan bu jaýdar jümleler täze taryhy döwrümizde amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ägirt uly özgertmeleriň, bolup geçýän taryhy-syýasy ähmiýetli wakalaryň mysalynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady, egsilmez yhlasy we uzak geljegi nazarlaýan başlangyjy bilen kemala gelen Arkadag şäheriniň döredilmeginiň bir ýyllyk şanly senesi hem raýatlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Öňdebaryjy tejribelere we täze tehnologiýalara esaslanyp bina edilýän bu şäher ýurdumyzdaky iri şähergurluşyk taslamalarynyň biri bolup, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň döwlet berkararlygyny, ykdysady kuwwatynyň mizemezligini alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Köpetdagyň eteginde bina bolan Arkadag şäheri döwrümiziň beýikliginiň, halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimlidiginiň aýdyň nusgasydyr» diýen ajaýyp sözlerinde Arkadag şäherinde amala aşyrylýan işleriň ähmiýeti öz beýanyny tapýar.

Rasul SADULLAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.