Halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip

3 Iýul 2024
359

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda zenanlaryň işjeňligini has-da artdyrmak, milli gymmatlyklarymyzy giňden ýaýmak, görelde mekdebini ösdürmek, ýaş gelin-gyzlaryň el işlerine höwesini pugtalandyrmak maksady bilen, golaýda «Halypa-şägirtlik ýörelgesi — milli gymmatlyklary ösdürmekde uly mekdep» atly şygar astynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen duşuşyga mährem eneler, el işleri bilen meşgullanýan gelinler, körpeje gyzlar gatnaşdylar.

Ak öýüň durşy bilen millilige beslenen owadan görnüşlerinden mazmun alyp geçen duşuşykda halypa-şägirtlik ýörelgesi öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň inçeden nepis el işleri babatdaky ajaýyp göreldeleriniň bu günki gün her bir türkmen zenany üçin mukaddes ýörelgä öwrülendigi, milli gymmatlyklarymyzy ösdürmek, dünýä ýaýmak babatda uly işleriň alnyp barylýandygy barada özara pikir alşyldy.

Ýörite habarçymyz.