At-owazy dünýä dolan paýtagtym

3 Iýul 2024
257

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty durmuşymyzyň ähli ugurlarynda bolup geçýän uly özgerişlikleriň berk binýadyny goýdy.

Ynsan kalbyna deňiz kimin giňligem, gül ýaly näzikligem mahsus. Her bir ynsan öýli bolanda, öýümiz toýly bolanda, ählimiz begenýäris. Garaşsyzlyk ýyllary içinde abraýy Arşa ýetip, at-owazasy äleme dolan ilimiziň günleri şatlykly wakalara, aýlary asylly işlere beslenip, toýlary toýa ulaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyna eýlenen döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ak şäherimiz Aşgabat juwan keşbe geldi. Tutuş ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenip barýar. Köňülleriň arzuw edýän şäherine öwrülen Aşgabadyň köçelerine seýrana çykanyňda hem muňa aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu ýerde belent binalaryň hatary ýyl-ýyldan artýar. Aşgabat şäherinde ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga-da uly üns berilýär. Soňky ýyllarda köp gatly jaýlaryň onlarçasy bina edildi. Bu ajaýyp binalar diňe bir paýtagtymyzyň keşbine bezeg bermän, eýsem, ilatyň göwnüni göterip, Garaşsyzlyga bolan guwanjyny, baky Bitaraplyga bolan buýsanjyny artdyrýar.

Rahatjan NARBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.