Egsilmeýän ruhy hazyna

3 Iýul 2024
300

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri umumadamzat üçin egsilmez ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Şahyryň goşgularynda türkmen halkynyň däp-dessurlary, milli dünýägaraýşy, ýaşaýyş pelsepesi, nesil terbiýelemek mekdebi giňden öz beýanyny tapýar. Türkmenler dünýäniň medeni hazynasyna, ýaşaýyş pelsepesine mynasyp goşant goşan halkdyr. Taryhy geçmişimizde beýik şahsyýetler türkmeniň şöhratyna şöhrat goşup, milletimiziň dünýä halklarynyň arasynda mertebesiniň belent bolmagyna dowamat beripdirler.

Ajap BAÝGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.