TALYP ÝÜREGI JOŞANDA

3 Iýul 2024
281

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan eden «Talyp joşguny – 2024» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Milletleriň özboluşlylygyny açyp görkezmekde medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň orny diýseň uludyr. Ajap döwrümizde batly gadamlar bilen ynamly öňe barýan bagtdan paýly, döwürden serpaýly ýaş nesillerimiziň milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da kämilleşdirmek, halk döredijiligindäki başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän şeýle festiwallaryň ähmiýeti uludyr.

Ajaýyp döwrüň waspyny sungatyň üsti bilen beýan edip, daşary ýurt döredijiligini hem milliliklerimiz bilen baglanyşdyryp bilýän talyp ýaşlaryň dillerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri sena bolup ýaňlandy.

Merjen NURMUHAMMEDOWA
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.