Bugdaýdan taýýarlanan şekilleriň bäsleşigi

2 Iýul 2024
236

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň zähmete werziş gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna 1 million tonnadan geçirip, bugdaý hasylyny tabşyryp, işlerini üstünlikli depginde dowam etdirýärler. Olaryň gazanan üstünliklerini goşalandyrmak maksady bilen, geçen hepdäniň çarşenbe güni Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi Ak bugdaý Milli muzeýinde «Berekediň başy — bugdaý» atly bäsleşigini geçirdi.

Welaýat derejesinde geçirilen bu bäsleşige 7 etrapdan şekil ýasamaga höwesek kärendeçiler bugdaý dänelerinden, hoşalaryndan hem-de samanyndan taýýarlan şekilleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji tapgyrynda bugdaý desseleriniň dürli görnüşleri hödürlenen bolsa, ikinji tapgyrynda bugdaý samanyndan ýasalan şekiller görkezildi.

Akgözel HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy. SURATDA: bäsleşige gatnaşdyrylan şekillerden görnüş. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.