«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Sport ýaryşlary diýilse, medallardyr kuboklar, rekordlardyr ýokary netijeler göz öňünde janlanýar. Bu sportuň ýokary görkezijileri öz içine alýandygyny görkezýär. Sport hakda gürrüň edilse, milletine, ýaşyna garamazdan, adamlaryň jemlenip, bir maksada gulluk edýän pursaty hakydada peýda bolar. Bu agzybirligiň we jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Sport diýmek, bir söz bilen aýtmaly bolsa, her bir adamyň durmuşyny öz içine alýar. Üstünlikleriň çür başyna çykan adama ýeňiji, sportda bolsa çempion diýilýär. Diýmek, sport bilen meşgullanmak diňe bir özüňi beýgeltmek däl, eýsem, ata Watanyňy hem beýgeltmek diýen düşünjäni öz içine alýar.