«Akylly» durmuş infrastrukturasy

29 Iýun 2024
213

«Smart-siti» şähergurluşyk konsepsiýasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň maglumat-kommunikasiýa düzümi häzirki zaman elektron ulgamlary arkaly işleýär. Bu ýerde döwrebap sanly hyzmatlar, «akylly» öý hyzmatlary, «akylly» awtoduralgalar we «akylly» köçeler adaty zatlardyr. Şäheriň ýaşaýjylary smartfonyň üsti bilen internet arkaly uzak aralykdan öz öýleriniň durmuş tehnikasyny we hojalyk enjamlaryny dolandyryp bilýärler. Öýüň howpsuzlygyny üpjün edýän hem-de suwuň, toguň, tebigy gazyň sarp edilişini tygşytlaýan intellektual ulgam ornaşdyryldy. Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy bolsa ýokary tizlikli internetden, ýokary hilli öýjükli aragatnaşykdan hem-de IP telewideniýeden bökdençsiz peýdalanmaga mümkinçilik berýär.