Ýaşlygyň ylham joşguny

27 Iýun 2024
283

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň zehinli ýaşlary goldamak, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek baradaky berýän tabşyryklaryndan ugur alyp hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň TMÝG-niň welaýat geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Magtymguly Pyragy — şygryýetiň ussady» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralarynyň uly ruhubelentlige beslenýändigini bellediler. Ýaşlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşigi hem zehinli ýaşlaryň birnäçesini orta çykardy. Olar özleriniň döreden goşgularyny bäsleşige hödürläp, aýratyn işjeňlik görkezdiler. Soňra bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşikde birinji orna Boldumsaz etrabynyň 69-njy orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Mähri Saparmedowa, ikinji orna Akdepe etrabynyň ýaşaýjysy Söhbet Orazmuhammedow, Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Ogulnabat Söýünowa, üçünji orna Görogly etrabyndaky 48-nji orta mekdebiň mugallymy Patma Allabaýewa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Myrat Ezizow, Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Süleýman Tekäýew dagy mynasyp boldular. Şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Gurbanjemal Abdyýewa, Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Daýanç Tagyşow, Akdepe etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýgül Hudaýbergenowa dagy höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandylar. Bäsleşige gatnaşan kalby ylham-joşgundan doly ýaş şahyrlara TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hem-de «Daşoguz habarlary» gazetiniň  Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Atažan ODAÝEW.