Raýatlara kanunlary düşündirýäris

28 Iýun 2024
288

Demokratik, hukuk döwletimizde ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy döwrüň talabyna laýyk derejede gün-günden kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, syýasy galkynyşynyň özenini düzýän kanunçylyk namalarynda raýatlaryň hukuklarynyň ýokary derejede amala aşyrylmagyny, olaryň döwlet tarapyndan döredilýän durmuş ýeňilliklerinden peýdalanmaklaryny, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary bilen baglanyşykly hukuk syýasaty öz beýanyny tapýar.

Biz hem bu kanunlary ilata düşündirmek maksady bilen edara-kärhanalarda, raýatlar toparlarynyň arasynda duşuşyklary, wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. «Raýatlaryň hak-hukuklary goralýar» diýen at bilen geçirilýän şeýle ähmiýetli duşuşyklara etrabymyzdaky beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Edilýän çykyşlarda ýurdumyzda kabul edilýän kanunlaryň ähmiýeti giňden düşündirilýär.

Maral ÇARYÝEWA,
Çärjew etrap döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy.