Tomus paslynda adamlar haýsydyr bir şähere gidip, dynç almagy meýilleşdirýärler. Gidilmegi meýilleşdirilýän şäher ýerleşýän ýerine, myhmanhana hyzmatlaryna we tebigatyna görä saýlanýar. Esasan hem, syýahatçylar tomus paslynyň yssy günlerini dynç alyş kenarlary bolan şäherlerde geçirmegi gowy görýärler. Käbir şäheriň bir kenaryny deňiz ýuwýan bolsa, käbir şäher deňziň içinde ýerleşýär. Şeýle şäherleriň biri hem Maýami Biçdir.
«Güneşli ştatyň» günortasyna – dynç alyş kenarlaryň merkezi Maýami Biç şäherine hoş geldiňiz! Florida ştatynyň günortasyndaky ada şäheri ak çägeli owadan kenarlary bilen syýahatçylary özüne çekýär. Maýami Biç demirgazyk kenarýaka, orta kenarýaka we iň meşhury günorta dynç alyş kenary ýaly 3 sany dynç alyş merkezini özünde jemleýär. 143 müň inedördül kilometr meýdany tutýan Maýami Biç binagärlik gurluşygy bilen hem görenleri haýran galdyrýar. Bu şäherde deňiz arhitekturasynyň owadan nusgalaryny görmek bolýar. «Okean Drive» köçesiniň ugrundaky restoranlarda açyk howada naharlanmak, «Wynwood Walls» sungat meýdançasynda aýlanmak, «Jungle Island» suw seýilgähinde gaýykly gezelenç etmek, «Erkinlik diňi» binasyndaky muzeýi gözden geçirmek, amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueýiň ýaşan öýüne barmak syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.