Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi – ebe­di mi­ras

28 Iýun 2024
189

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýa­dy­gär­li­gi we «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my gu­rul­dy. «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­myn­da dün­ýä­niň dost­luk­ly ýurt­la­ry­nyň meş­hur ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­nyň heý­kel­le­ri ýer­leş­di­ril­di. Ýa­dy­gär­lik hem-de me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my be­dew bat­ly ösüş­le­ri­mi­ziň, ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­nyň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­nyň, dün­ýä halk­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­my­zyň öz­bo­luş­ly ala­ma­ty­dyr. Bu ta­ry­hy wa­ka­lar Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­ny has-da şöh­rat­lan­dyr­ýar. Mu­nuň özi şa­hy­ryň aja­ýyp şy­gyr­la­ry­nyň adam­zat kal­byn­da uly orun alan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

Pä­him-paý­ha­sa eý­le­nen şa­hy­ra­na dö­re­di­ji­li­gi bi­len türk­men hal­ky­nyň ha­ky­da­syn­da par­lak ýyl­dyz bo­lup lo­wur­da­ýan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň hem ede­bi ha­zy­na­sy­ny baý­laş­dyr­dy. Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si, il­kin­ji no­bat­da, türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy­na öw­rül­di.