«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Aşgabat şäherindäki 47-nji orta mekdebiň uçurymy Begenç Hojaýew çaga wagty futbol oýnandygyny, emma futbolçy bolmak arzuwyny çagalyk ýyllarynda galdyryp, başga kesbi saýlap alandygyny gürrüň berýär. «Nirede işlesemem, gazet-žurnal açsam-da futbol habaryny ilki bilen okaýan, telewideniýede futbol görsemem, ünsümi şoňa sowanymy bilmän galýaryn. 25-nji maýyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Bütindünýä futbol güni» diýlip yglan edilmegi futbol bilen bagly ýatlamalaryň bujagyny çözdi» diýip, Begenç Hojaýew öz hatynda ýazypdyr. Bizem onuň ýatlamalarynyň käbirini okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.