«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Bedenterbiýäniň we sportuň saglyk üçin peýdalary barada, fiziki maşklaryň ýürek-damar keselleri, gan basyşynyň ýokarlanmagy, beýnä gan inme, diabet, huşsuzlyk, sussupeslik, semreme ýaly derdeserleriň, düwnük keseliniň ençeme görnüşleriniň öňüni alýandygy barada lukmançylyk tejribesinde aýdyň subutnamalar ýeterlik. Soňky onýyllyklarda ýygnalan ylmy maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä beden maşklarynyň has peýdaly görnüşleriniň biri ylgaw bolup durýar.