«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Iň gadymy fransuz gämileriniň biri bolan üç gat ýelkenli «Belem» gämisi ilkinji gezek 1896-njy ýylyň 10-njy iýunynda ýüzüşe başlaýar. Ony Nant şäherinde gurup, Antil adalarynyň sebitlerinde ýük daşamagy maksat edinýärler. 1914-nji ýyla çenli ýelkenli gämi ýük daşamak üçin 33 gezek uzak aralyga syýahat edýär. Bug gämileri bilen bäsleşikde ähmiýetini ýitiren gämini uzagyndan söwda maksatly ýüzüşlerden daşlaşdyrýarlar. Öz wagtynda diňe bir Fransiýanyň däl, eýsem tutuş Ýewropanyň iň uly ýelkenli gämileriniň biri hasaplanypdyr. Şol döwürde «Belem» gämisini britan gersogy satyn alypdyr. Ol ýelkenli gämini syýahat etmek üçin ulanyp başlapdyr. 1921-nji ýylda bolsa içgileri satmak boýunça täjir Artur Ernest Ginnese satypdyr.