Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy çyragy

27 Iýun 2024
306

Ýakynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda “Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy çyragy” ady bilen edebi-sazly agşam geçirildi. Oňa etrabyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar.

Täsirli geçen edebi-sazly agşamda etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Ejebaý Atagarryýewa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Eziz Annaýew, TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Ogulnäzik Mukymowa, kitaphanaçylary Ogulşeker Annamyradowa, Läle Zakirowa, medeniýet bölüminiň usulçysy Mähri Nursahatowa, medeniýet işgäri Atamyrat Hallyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ebedi mirasy, döredijiligi, ömür ýoly hakynda giňişleýin durup geçdiler. Olar beýik söz ussadynyň goşgularyny labyzly okap, baý many-mazmuna eýe bolan şygyrlarynyň ähmiýetini ýaşlara düşündirdiler. Şeýle-de, bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň ajaýyp çykyşlaryna tomaşa edildi.