Gahryman Arkadagly bagtyýar Diýar

26 Iýun 2024
280

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrýan, berkarar döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine çykarýan, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, ornuny ýokarlandyrýan beýik başlangyçlary bu günki gün döwletimiziň mümkinçiligini, kuwwatyny has-da berkitdi. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle beýik işlerini mynasyp derejede dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder göreldesine eýerip alyp barýan belent tutumlary il-ýurt hem-de umumadamzat bähbidini göz öňünde tutýandygy bilen gymmatlydyr, rowaçlydyr.

Täze taryhy döwre, ýagny ösüşiň täze tapgyryna gadam basylmagy halkymyzyň agzybirligini, hormatly Prezidentimiziň töweregine berk jebisleşip ynamly öňe barylýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň ähli başlangyçlarynyň doly goldawa eýe bolýandygyny, ýurdumyzy ösdürmegiň ýolunda öňde goýlan wezipelere amal edilýändigini görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» halkymyzyň geljek 30 ýylyň dowamynda döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendigini bellemek örän ýakymly. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kabul edilen «Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» bolsa 30 ýyllyk döwri göz öňünde tutýan taryhy resminamany tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirmegiň wezipelerini öz içine alýandygy bilen has-da gymmatlydyr hem ähmiýetlidir. Bularyň ählisi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygarlaryň doly durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ata Watanymyzy gülledip ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň durmuş-medeni ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriň, ýurdumyzyň parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatynyň, döretmek, gurmak başlangyçlarynyň hemişe rowaçlanmagy ugrundaky beýik tutumlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr.

«Daşoguz habarlary».