Bereket çeşmesi

25 Iýun 2024
241

Gözbaşyny Amyderýadan alyp gaýdýan Garagum derýasy bereket çeşmesine deňelýär. Derýanyň çekilmegi bilen, onuň boýunda oturymly obalar, şäherçelerdir şäherler, täze etraplar döredi. Boz ýatan müňlerçe gektar ýer özleşdirilip, ekin dolanyşygyna girizildi. Şonuň netijesinde, bu günki gün daýhan yhlasyndan kemala gelen oba hojalyk önümleri we olary gaýtadan işlemek arkaly taýýarlanylýan dürli azyk harytlary ak bazarlarymyzy bezeýär. Häzirki wagtda Garagum derýasynyň işini kadaly ýola goýmak, onuň suw geçirijilik mümkinçiligini has-da gowulandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Bu ugurda «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Garagumsuwgurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň hünärmenleridir işgärleriniň alyp barýan asylly işleri aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Olar derýanyň suw geçirijiligine, kenar ýakalarynyň berkidilişine, çuňlugyna, arassalygyna, gaçylaryna we akabanyň ugrundaky suw howdanlarynyň suw toplaýjylyk mümkinçiliklerine berk gözegçilik edýärler. Önümçilik birleşiginiň hem-de dolanyşygynyň tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden täze läbik sorujy, gum itekleýji, akaba gazyjy tehnikalar satyn alynýar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).