Gadymy ýazgylara ýüzlensek...

19 Iýun 2024
535

Darganata etraby welaýatymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýär. Gadymy ýazuw çeşmelerinde gojaman Jeýhuny etekläp oturan bu etrabyň çägindäki galalar we desgalar, olaryň döreýşi barada gymmatly maglumatlara duş gelinýär.

X asyryň arap syýahatçysy Abu Abdylla al-Mukaddasi (Makdisi) «Ýurtlary öwrenmek üçin iň gowy bölüşdirme» atly eserinde Horezmde onuň paýtagty Ürgençden soň iň uly şäheriň Dargandygyny, ol ýerde Amyderýadan geçelgäniň bardygyny ýazypdyr. XIX asyryň rus alymy A.L.Kun bolsa «Gadymyýetden bäri Hywa hanlygynda ýerleşilmegiň taryhy barada oçerk» atly eserinde derýadan geçelgäniň eýesine «darga» diýilýändigini we bu wezipäniň edil miraplyk ýaly Hywa hanynyň köşgünde hormatly kär hasaplanylýandygyny belläpdir. Türkmen diliniň sözlüginde «darga» diýen at iki manyda — «Deňiz, derýa ýakasynda gerişleri, eginleri bilen gämini çekýän adam ýa-da ýük çekilýän gaýygy, gämini sürýän adam, gämiçi» diýlip düşündirilýär. Alym S.Atanyýazow hem «Türkmenistanyň geografiki atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda «dargan» sözüniň «gaýykçy», «gämiçi» manysy bolup, «darga» sözüniň köplük sany bolmagynyň ähtimaldygyny we bu sözüň soňuna goşulan ata sözüniň mukaddes ýerleriň — öwlüýäleriň, mawzoleýleriň, çeşmeleriň atlaryna «mukaddes» manysynda köp ulanylýan sözdügini belläpdir. Etrabyň adynyň gelip çykyşy barada şeýle çaklamalar ýörgünli.

Ýazly SEÝIDOW,
mirasgär.