Halkara ýaryşlaryň medallary

7 Iýun 2024
387

Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Ulan-Ude şäherinde Söweş sambosynyň ligasy tarapyndan täzelenen düzgünlere laýyklykda, Gran-pri ýaryşy geçirildi. Ýaryşda türkmen türgeni Suwhan Öwezgeldiýew 88 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Halkara ýaryşa ildeşlerimizden başga-da, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýeňijiler pul baýragyna we çempionlyk guşagyna mynasyp boldular.

Söweş sambosynyň ligasy sportuň bu görnüşiniň meşhurlygyny artdyrmak we türgenleri goldamak maksady bilen, 2020-nji ýylyň fewral aýynda esaslandyryldy. Türgenleriň deslapky duşuşyklary geçirmän, öz agram derejelerinde göni finala çykyp bilýändikleri bu ýaryşyň esasy aýratynlygydyr.

«Türkmen sporty».