Çempionyň nobatdaky birinjiligi

7 Iýun 2024
314

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 7-nji ýa­ry­şy Ita­li­ýa­nyň Skar­pe­ria-e-San-Pie­ro se­bi­tin­dä­ki «Mu­gel­lo» tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. 23 aý­law­dan yba­rat ýa­ryş­da soň­ky çem­pi­on Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňiş ga­zan­dy. «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si 40 mi­nut 51,385 se­kunt­da pel­le­ha­na ge­lip, bas­syr 2-nji, möw­süm­dä­ki 4-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bu onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky 22-nji ýeň­şi­dir. Ba­naia sprint ýa­ry­şyn­da-da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Bäs­le­şik­de Ba­naia­dan soň 2-nji ýe­ri onuň to­par­da­şy hem wa­tan­da­şy Enea Bas­tia­ni­ni eýe­le­di. «Ducati Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si, sa­na­wyň li­de­ri Hor­ge Mar­tin 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Şu möw­sü­me ge­çip, özü­ni dür­säp baş­lan dün­ýä­niň 6 ge­zek çem­pio­ny, «Ducati Gre­si­ni Racing» to­pa­ry­nyň is­pan pi­lo­ty Mark Mar­kes ýa­ry­şy 4-nji orun­da ta­mam­la­dy.

Ge­çi­ri­len bu ýa­ryş­dan soň Ba­naia sa­na­wyň li­de­ri Mar­tin bi­len ara­syn­da­ky utuk ara­ta­pa­wu­dy­ny azalt­dy. Hor­ge Mar­ti­niň 171, Fran­çes­ko Ba­naia­nyň 153 utu­gy bar. 3-nji bas­gan­çak­da­ky Mark Mar­kes bol­sa 7 ýa­ryş­da 136 utuk top­la­dy.