Jemgyýet we ekologiýa

5 Iýun 2024
569

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurdumyzda ekologik howpsuzlygy üpjün etmekde düýpli işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmek, durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli özgertmeler abadan durmuşyň aýrylmaz bölegi bolan ekologiýa bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

Daşky gurşawy gorap saklamak babatynda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlar bu günki gün has-da kämilleşdirilýär. Ata Watanymyzda her ýylda ählihalk bag etmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine hem-de halkymyzyň gözel tebigata bolan söýgüsiniň artmagyna uly itergi berýär.

Gülnara GURBANOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň etrap geňeşiniň hünärmeni.