Şanly senä bagyşlandy

3 Iýun 2024
451

Kaka etrabynyň sport mekdebinde “Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň, abadanlygyň we dostlugyň çeşmesidir” ady bilen geçirilen duşuşyk Bütindünýä welosiped gününe bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilelikde gurady.

Wagyz-nesihat duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen sportunyň şan-şöhratynyň arşa göterilýändigi, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sport-sagaldyş hereketiniň ösüşine uly üns gönükdirilýär. Bu ugurdaky tagallalar eziz Diýarymyzyň obalarynda, şäherçedir şäherlerinde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän sport maksatly desgalaryň, olarda ildeşlerimiz üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikleriň mysalynda aýdyň ýüze çykýar.

Abadan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň işgäri.