«Barselonanyň» täze baş tälimçisi mälim edildi

3 Iýun 2024
251

Germaniýaly hünärmen Hans-Diter Flik «Barselonanyň» täze baş tälimçisi boldy. 59 ýaşly hünärmen katalon kluby bilen 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama gol çekişdi.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal Hans-Diter Flik Mýunheniň «Bawariýa» toparyna hem-de Germaniýanyň milli ýygyndysyna tälim beripdi. Onuň türgenleşdiren ýyl­larynda «Bawariýa» 2019-njy we 2021-nji ýyllarda iki gezek Bundesligada çempion boldy, şeýle-de Germaniýanyň Kubogyna we Superkubogyna mynasyp boldy. Mun­dan başga-da, Flik «Bawariýa» bilen ÝÇL-de, Ýewropanyň Superkubogynda hem-de Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyn­da ýeňiji boldy.