«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi boýunça 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edenine köp wagt geçenok. Muňa garamazdan, bu halkara sport baýramçylygy dünýä ýurtlarynda giň meşhurlyga eýe boldy. Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanda guralýan iri medeni-sport çäreler toplumy dünýä nusgalyk ýokary guramaçylyk derejesi, köp öwüşginliligi bilen tapawutlanýar.