Dünýä nusgalyk ýörelge

29 Maý 2024
628

Geçen ýyllarda Türkmenistanyň we BMG-niň örän işjeň hem-de uly möçberli hyzmatdaşlygy hut daşky gurşawy goramak we energiýa babatynda has-da netijeli boldy. Şu döwürde BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Uly möçberli Ekologiýa gaznasy ýaly halkara düzümleri tarapyndan goldanylýan dürli maksatnamalaryň we taslamalaryň 30-dan gowragy üstünlikli ýerine ýetirildi, häzirki wagtda hem yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Döwletimiziň ekologiýa syýasatynda häzirki zamanda adamzat jemgyýetiniň durnukly ösüşini daşky gurşawyň meselelerinden üzňe göz öňüne getirmegiň mümkin däldigi esasy öňe sürülýän ýörelgedir. Bu ýörelge islendik döwletiň we jemgyýetiň saglygynyň tebigy baýlyklardan peýdalanyp bilşine baglydygyny hem berk göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň bu ýörelgesi dünýä nusgalykdyr. Şoňa laýyklykda ýurt we dünýä ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Daşky gurşawyň baý biologiki we genetiki serişdelerini goramak hem-de dikeltmek, asyrlaryň dowamynda döredilen özboluşly ekologiýa ulgamlaryny — Garagumuň çöllük zolaklaryny, Hazaryň deňiz gurşawyny, Köpetdagyň dag gerişlerini, Amyderýanyň kenar ýakasyndaky çäkleri gorap saklamak boýunça ýörite milli strategiýa işlenilip taýýarlanyldy hem-de üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.