Dünýämize gözellik — naýbaşy sungat

7 Maý 2024
655

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň adyny şöhratlandyryp gelen maddy we ruhy baýlyklaryny öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler halkymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrýar. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda akyl-paýhasa eýlenen gymmatly taýsyz döredijiligi bilen dünýä ýüzünde meşhurdyr. Gadymdan gelýän täsin binagärçilik, şekillendiriş, zergärçilik sungatymyz, pähim-parasada eýlenen halk döredijiligi eserlerimiz, ajaýyp şygryýet dünýämiz, şirin owazly dutarymyz, ýelden ýyndam bedewlerimiz, arwana düýelerimiz, saryja goýnumyz, wepaly alabaý itimiz, milli şaý-seplerimiz, gözel görkli halylarymyz, ajaýyp keşdeçilik sungatymyz türkmen halkynyň buýsanjyny has-da artdyrýar.

Türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň arasynda behişdi bedewleriň gymmaty örän ýokarydyr. Dünýä gözelligini özünde jemleýän ajaýyp ahalteke atlarymyzy seýisläp, kämilleşdirmek sungaty bütin dünýä ýüzünde türkmen halkyna meşhurlyk getirýär. Halkymyzyň genji-hazynasyna öwrülen, asyrlaryň dowamynda türkmeniň at-abraýyny, mertebesini belende galdyran atçylyk sungatymyz, bedew atlarymyz uly söýgä, hormata mynasypdyr, gözlerimize çyrag berýän hakyky gözellikdir.

Annagözel Çaryýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.