Gadymy medeniýetiň ojagy

3 Maý 2024
494

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» kitabynyň adynyň özem köp zatdan habar berýär we okyjyny bada-bat özüne çekýär. Kitaby eliňe alyp, Änewiň gadymyýetiň jümmüşlerine çuňňur kök urup gaýdan baý hem şöhratly taryhy barada has aýdyň bilmek isläp, ony okamaga howlugýarsyň.

Gadymy Änewiň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar. Ýaşaýyş medeniýetiniň täze derejesiniň döredilmegi. Änew depelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri. Arheologik tapyndylar. Häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärlikleri. Änew medeniýetini ilkinji bolup açan we bu baradaky hakykaty dünýä ýetiren Rafael Pampelliniň, şeýle-de Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň, beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde mälim edilen maglumatlar. Gadymyýetiň bu taryhy künjegi bilen baglanyşykly rowaýatlar... Bular barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy-populýar eserinde örän düýpli, örän täsirli beýan edilýär.

Hojamämmet JUMAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.