Gurjak artistleriniň üstünligi

30 Aprel 2024
697

Türkmen döwlet gurjak teatry 24 — 27-nji aprelde Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen 19-njy «Kiçijik hanymlar, kiçijik jenaplar» atly halkara teatr festiwalynyň kubogyna hem-de diplomyna mynasyp boldy.

Festiwala 8 döwletiň, ýagny Türkmenistanyň, Ispaniýanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Kubanyň, Rumyniýanyň, Bolgariýanyň, Polşanyň, şeýle hem Türkiýäniň teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Baky rowaýatlar» atly oýunda Seýit Jemaleddiniň ýadygärligi bilen bagly rowaýat janlandyrylýar. Sahnada ahalteke bedewiniň, edermen alabaýyň we beýleki milli gymmatlyklarymyzyň çeper keşpleri görkezildi. Türkmen halysy, şaý-sepleri görkezilip, dutaryň ajaýyp owazy ýaňlandy. Türkiýe Respublikasynyň Döwlet teatrlarynyň baş müdirliginiň Ankara şäherindäki sahnasynda köpçülige ýetirilen çykyş tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine hem-de ussatlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

(Ýörite habarçymyz).