Nepislik we täsinlik

28 Aprel 2024
536

Synlaýan suratyňyzda näme görýärsiňiz?! Elbetde, ajaýyp ahalteke bedewi ilki nazaryňy egleýär. Onuň aňyrsyndaky hereket edýän «janly» şekilleri gören bolsaňyz, aňyňyzda döräýjek sowal: «Elde ýerine ýetirilen işmik-ä ýa-da tehnologiýa arkaly döredilenmikä?». Onuň haly çitimleri bilen döredilen sungat işidigini bilip, «telpek goýanyňyzam», amaly-haşam sungatynyň düýbünden başga röwüş alandygyna göz ýetireniňizem bolar.

Häzir tehnologiýanyň ösmegi netijesinde Ýer ýüzündäki sungat işleri bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik döredi. Şonuň üsti bilenem atlary haýbatly, gabarasy ondanam haşamly nakgaşlyk eserleri bilen tanşyp durýarys. Şol suratlara seredip alymlar, sungaty öwrenijiler biz üçin adaty suratlardanam birgiden many çykarýarlar. Onsoň Didargeldi Gutlyýewiň 2017-nji ýylda döreden «Pyýada» bedewi» atly haly portretini görüp, hyýalyňda bu işe nähili baha berlerkä diýen pikir dörese, sungaty aňlaýan-u-aňlamaýan adama «Abyrsyz zähmet-ä bardyr-ow» diýdirse gerek. Kendiriň ýüzünde ýa-da monitorda «janly» suratlary synlanam bolsak, Didargeldiniňki ýaly çitimler bilen döredilen sungat eserine köp gabat gelemzok. Ony döredäýmek her kime-her kime başartjak işem däl. Bu işiň üsti bilen türkmen halylaryna bolan öňden gelýän adaty garaýyşlarymyzyň özgermegine — onuň has-da nepis zynata öwrülendigine şaýat bolýarys. Şonuň üçinem awtora «Kesbiňden kemal tap!» diýýäris.

Nowruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».