Türkmen atlarynyň toýy toýlanýar

25 Aprel 2024
514

Ata-babalarymyz behişdi bedewlerimiziň arassa ganlylygyny saklap, şu günki güne çenli getiripdirler. Halk döredijiligimizde-de bedewiň keşbi, onuň wepadarlygy, edermenligi giňden beýan edilýär. Bedew atyň waspy türkmen halk sazlarynda-da kemsiz ýetirilýär. «At çapan», «At çapar» sazlaryny diňläniňde, bedewiň ajaýyp keşbi, Göroglynyň at oýnadyşy, bedewiň toýnak kakyşy, tans edişi göz öňüňe gelýär. Görogly Gyraty bilen diňe bir saza, söze däl, eýsem, türkmen aňyna-da siňendir. Jygalybegiň at seýisleýşi, oňa ideg edişi bolsa türkmen atçylygynyň uly mekdebidir.

Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Atçylyk sportuny ösdürmek, halkara derejede ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary gurlup ulanylmaga berildi.

Güljan ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň uly döwlet bellige alyjysy, 2-nji derejeli ýurist.