Bagtyň synmaz güwäsi

24 Aprel 2024
567

Milletimiziň ruhuny beýgeldýän, şöhratyny bütin äleme ýaýyp gelýän gymmatlyklarymyz bar. Olar elmydama gursaklarymyzy çoýup, biziň bilen bile ýöreýär, bizi ýeňişli ýollarymyzda goldaýar. Şolaryň biri behişdi ahalteke bedewlerimiz berkararlygyň we rowaçlygyň esasy alamaty bolup, ýüreklerimize ornady.

Ata-babalarymyzdan gaýdýan gadymy bir sargyt bar. Ahalteke atlarynyň sarpasyny örän belent tutmalydygymyz baradaky bu sargyt parasatly sözleriň we nakyllaryň üsti bilen bize gelip ýetipdir. Şolarda biz bedewiň gadyr-gymmatyny duýýarys. Halkymyzyň arasynda bedew babatynda giňden ýaýran «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýen sözlerde bolsa, biz şol sargydyň berjaý edilýändigini aýdyň görýäris.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.