Gadymyýetiň genji-hazynasy

24 Aprel 2024
434

Gadymy Amul şäheri Horasan bilen Mawerannahryň söwda ýolunyň çatrygynda ýerleşip, müňlerçe ýylyň dowamynda kemala gelipdir. Bu ýerde, takmynan, 2000 ýyl mundan ozal ilkinji ilat peýda bolupdyr. Olar, esasan, ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Bol suwly Amyderýanyň ýakasynda ýerleşmegi bu ilatly mekanda ýaşamak üçin oňat şertleri döredipdir.

alada dürli ýyllarda ylmy-barlag işleri geçirildi. 1950-nji ýylda Galina Pugaçenkowanyň ýolbaşçylygyndaky Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy Amulyň töwereklerinde I-II asyrlara degişli galanyň bardygyny kesgitledi.

Toýmyrat PAŞŞIKOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.