Tebigaty goramak — möhüm wezipe

17 Aprel 2024
720

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri netijesinde ata Watanymyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülýändigi, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň barha giňelýändigi hemmämizi buýsandyrýar. Ýurdumyzda ekologiýa babatda oýlanyşykly durmuşa ornaşdyrylýan işler oňyn netijelerini berýär. Daşky gurşawy goramak, ony geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň has-da gözelleşmegine ýardam berýär. Şeýle giň möçberli işlere mynasyp goşandymyzy goşmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Tebigaty goramak hemişe zerurdyr. Onuň ajaýyp gözelliklerini gorap saklamak tutuş adamzadyň derwaýys wezipeleriniň biridir.

Biz hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ilatyň ekologiýa sowatlylygyny artdyrmak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak boýunça düşündiriş işlerini alyp barýarys. Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edaralardyr kärhanalaryň işgärleriniň arasynda ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramak, bu ugurda bildirilýän talaplary berjaý etmek barada wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Olarda tebigaty goramagyň ähmiýetini, saglygymyza ýetirýän peýdasyny giňişleýin düşündirýäris. Bu bolsa ýaşlarda tebigata bolan söýgini has-da artdyrýar.

Pyhamtagan Tagangeldiýew,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň döwlet inspektory.